Alymlar suw ýetmezçiligi meselesini “tans edýän damjalaryň” kömegi bilen çözmegi teklip edýärler

  • 14.03.2024 08:07
  • 12k+

Saud Arabystanyndaky Patyşa Abdylla adyndaky Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (KAUST) alymlary ýaglanan tekizlikde ýygnanýan suw damjalarynyň çylşyrymly “tanslary” ýerine ýetirýändigini anykladylar. "Çiriosyň effektine" meňzeş bu hereket gurak sebitlerde atmosferadan suw ýygnamagy çaltlaşdyrmakda ulanylyp bilner.

Adaty gaty tekizlikde jemlenen damjalar aşak gaçmak üçin ýeterlik massa ýygnaýança hereket etmän, oňa “ýapyşýarlar”. KAUST-yň alymlary ýukajyk ýagly örtügiň goşulmagy damjalaryň has çalt hereket etmegine we täzeleriniň ýygnanmagy üçin ýer boşatmagyna täsirini ýetirer diýip çak edýärler.
Synaglar onlarça mikrometrden birnäçe millimetre çenli ululykdaky ýygnanan damjalaryň öz-özünden birleşip, “tansa” başlaýandygyny görkezdi. Damjalar typýar we çalgy ýagy gutarýança ýylanlar ýaly towlanýar, şondan soň döwre gurap hereket edip başlaýar. Ýagy tekizlige gaýtadan paýlamak bilen, damjalar ýene “ýylan tansyny” dowam edýärler.
Gözlegiň ýolbaşçysy Markus Lin şeýle gürrüň berýär: "Deslap olar ýylan görnüşinde hereket etdiler, soňra töwerekleýin herekete geçdiler we ýene-de ýylanyň hereketine gaýdyp geldiler. Bu hereketler mikrometrden birnäçe santimetre çenli möçberdekäler amala aşmak bilen, birnäçe sagatlap dowam etdi".
"Çiriosyň täsiri" tekizligiň ýüzündäki dartyşlar ýüzüp ýören suw zireleriniň toplanmagyna sebäp bolýar. Mysal üçin, patragyň üstüne süýt guýsaňyz, olar bir-birine ýapyşyp başlar. Edil şonuň ýaly, ýagda toplanan damjalar bir-biri dartyp ugraýar. Uly damjalaryň hereketi olar kiçijiklerini özüne siňdirenlerinde çykýan energiýa bilen baglanyşyklydyr.
Alymlar, energiýa sarp etmezden, ýönekeý kondensasiýa arkaly howadan suwy netijeli alýan enjamlaryň süýji suwuň ýetmezçilik edýän sebitlerinde uly islegden  peýdalanjakdygyny bellediler. Damjalaryň tansyny optimizirlemek kondensatyň tizligini ep-esli ýokarlandyrar, diýmek, has netijeli suw ýygnamak ulgamlarynyň ösmegine sebäp bolup biler.


düýn 23:37
1.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......