Jokowiç 8 ýyl dünýäniň birinji raketkasy boldy, Nadal – 2 esse az

  • 12.03.2024 14:53
  • 4.2k+

Dünýäniň birinji raketkasy, serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç karýerasynda 416-njy hepdäni ATP-niň reýtinginiň birinji ornunda başlaýar. Bu dogry sekiz ýyla deňdir (ýylda 52 hepdeden 416 hepde). Bu barada championat.com habar berýär.

Bu görkeziji boýunça ikinji orny eýeleýän şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer ATP-niň reýtinginiň birinji ornunda 310 hepde boldy (5,9 ýyl). Üçünji orny amerikaly Pit Sampras eýeleýär – 286 hepde (5,5 ýyl). Sanawyň yzyny şular dowam etdirýär:

4. Iwan Lendl (Çehiýa) – 270 hepde (5,2 ýyl);
5. Jimmi Konnors (ABŞ) – 268 hepde (5,1 ýyl);
6. Rafael Nadal (Ispaniýa) – 209 hepde (4 ýyl);
7. Jon Makinroý (ABŞ) – 170 hepde (3,3 ýyl);
8. Býorn Borg (Şwesiýa) – 109 hepde (2,1 ýyl);
9. Andre Agassi (ABŞ) – 101 hepde (1,9 ýyl);
10. Lleýton Hýuitt (Awstraliýa) – 80 hepde (1,5 ýyl). 


26.06.2026 23:43
7.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....