Gurbanguly Berdimuhamedow «TRT Haber» türk teleýaýlymyna interwýu berdi

  • 12.03.2024 12:40
  • 10k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «TRT Haber» türk teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmeze interwýu berdi.

Interwýunyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türki döwletleriň köpugurly hyzmatdaşlygynyň taryhy şertler bilen baglydygyny nygtady.

"Meniň pikirimçe, türki döwletleriň Gündogar bilen Günbataryň arasynda medeni köpri hökmündäki ornuny dikeltmek häzirki döwürde esasy wezipeleriň biridir. Türki halklaryň bu wezipesi gadymy döwürlerde we orta asyrlarda «türki guşak» diýlip atlandyrylyp, ol Aziýanyň hem Ýewropanyň «duşuşyk ýeri» bolup hyzmat edipdir. Bu yklymlaryň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ylmynyň ösmegine oňaýly täsir edipdir. Şeýle hem olaryň beýleki halklar üçin açyk bolmagyna, sabyrlylygyna, hoşniýetliligine, özara düşünişmegine ýardam beripdir.
Türkmenistan üçin türki döwletler bilen dost-doganlyk, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek örän möhüm bolan geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz Türki Döwletleriň Guramasynda synçy bolmak bilen, onuň işine ýakyndan gatnaşýar. Hususan-da, bu guramanyň Aksakgallar geňeşinde agza bolmagy möhümdir. Şeýle hem biz guramanyň düzümleri bilen işleşmäge taýýardyrys. Häzirki döwürde türkmen tarapy Türki söwda-senagat edarasyna girmek üçin arza berdi. Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna we Türki akademiýa girmek meselesini-de öwrenýäris" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

"Men ony bir bitewi iki maksady bolan gurama hasaplaýaryn. Bir tarapdan, ony türki ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýän gurama, beýleki bir tarapdan bolsa, geljegi uly, ygtybarly iri halkara hyzmatdaş hökmünde görýärin. Ýokarda-da belleýşim ýaly, bu bir bitewi iki maksat bolup durýar. Türki Döwletleriň Guramasy dünýäde türki ýurtlaryň bähbitlerini öňe sürmek bilen, içerki türki hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine, döwletlerimiziň ykdysady taýdan ösmegine, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň  halkara gatnaşyklaryň häzirki ulgamyndaky orny barada aýtdy.

"Geňeşiň sesi Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, öz taryhyna buýsanmak duýgusyna esaslanan terbiýe we bilim syýasatyny emele getirmek ýaly soraglarda örän uly ähmiýete eýe bolmalydyr. Aksakgallar geňeşiniň işi biziň halklarymyzyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge, olaryň birek-birege doganlyk gatnaşyklaryna, raýdaşlygyna we özara ýardam bermegine, halk diplomatiýasyna, parlamentara hyzmatdaşlyga işjeň goşant goşmaga gönükdirilendir" diýip Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň orny barada aýtdy.

"Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki durnuksyz şertlerinde-de Türkmenistan 2024-nji ýyla gowy netijeler bilen geldi. Geçen ýyl jemi içerki önümiň ösüşi 6 göterimden hem ýokary boldy. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Soňky 15 ýylda ýurdumyzyň ilatynyň 2 million adam köpelendigi adamlaryň durmuş abadançylygynyň we ertirki güne ynamynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuşyndaky häzirki tapgyryny häsiýetlendirdi.

"Türkmenistan bilen Türkiýe daşary syýasatda işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, halkara düzümlerde birek-biregi goldaýarlar.
Ikitaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklary hem depginli ösýär. Özara haryt dolanyşygynyň möçberi geçen, 2023-nji ýylda 2,5 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Türk kompaniýalary ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, ulag we senagat pudaklarynda öňden bäri netijeli işläp gelýärler.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem barha ösdürilýär. Medeniýet, sungat wekilleri Türkmenistanda we Türkiýede guralýan dürli çärelere işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda 2023-nji ýylyň noýabrynda Türkiýäniň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Ýöne sanlar bilen beýan edip bolmaýan düşünjeler hem bar. Munuň özi doganlyk gatnaşyklarymyzy ösdürýän we halklarymyzy birleşdirýän birek-biregiň ykbalyna dahylly bolmak duýgusydyr. Bu bolsa bilelikdäki üstünliklerimiziň esasydyr. Türkmenistan bilen Türkiýäniň häzirki döwürde ýola goýan we geljekde has-da ilerletjek gatnaşyklarynyň binýadydyr" diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklary barada hem gysgaça durup geçdi!


düýn 19:40
810

Türkmenistanyň DIM-inde Rumyniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

3-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine seretdi...

düýn 05:55
7.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynda oba hojalyk meseleleri we gurluşyklary ara alyp maslahatlaşdy

2-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde...

02.02.2026 16:33
2k+

TDHÇMB-da bir hepdede 5,893 mln dollarlyk geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt alyjylary bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy diýip, TDH habar berýär...

02.02.2026 00:53
2.4k+

Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

30-njy ýanwarda Hywada Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...