Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirdi

  • 12.03.2024 09:00
  • 4.9k+

11-nji martda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi.

15-nji mejlisiň gün tertibine Aksakgallar geňeşiniň we TDG-niň alyp barýan işleri, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işi, utgaşdyrylan tagallalary, geçen ýyl Samarkantda geçirilen mejlisde kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly möhüm meseleler giriziler.
Nygtalyşy ýaly, Aşgabat şäherinde geçirilýän bu mejlisiň guramaçylykly hem-de çuň mazmunly bolmagy babatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Sekretariaty, Aksakgallar geňeşi we oňa agza döwletler tarapyndan uly taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň dowamynda häzirki zamanyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyljakdygyna we geňeşiň geljekde alyp barjak işleri dogrusynda garaýyşlaryň beýan ediljekdigine üns çekildi.
Duşuşygyň barşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bu guramanyň doly hukukly agzalary we synçylar bolup durýan ýurtlaryň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyk, TDG-niň işine synçylaryň işjeň gatnaşmagy Türki Döwletleriň Guramasynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri, şonuň bilen birlikde, olaryň bu düzümiň işine uly goşant goşýandygynyň görkezijisi bolup durýar diýip aýtdy.
Çykyşyň dowamynda dünýä ösüşiniň meýilleri bilen baglylykda hem-de TDG-niň giňişliginde ýüze çykýan möhüm meseleleri çözmekde bu guramanyň barha artýan orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, syýasat, ykdysadyýet, ulag, syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty, sport, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ulgamlarda türki döwletleriň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew Türki Döwletleriň Guramasynyň abraýly guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň degişli düzümleri, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini we halklaryň abadançylygy üçin bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Gazagystandan agzasy Ikram Adyrbekow, Gyrgyz Respublikasyndan agzasy Medetkan Şerimkulow, Özbegistandan agzasy Sodikžon Turdiýew, Wengriýadan agzasy Attila Tilki çykyş etdiler.
Çykyşynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary beýan etdi.
Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......