Zenanlar Kia-ny saýlaýarlar. EV9 krossoweri Women's World Car Of The Year-niň wersiýasyna görä, iň gowusy diýlip ykrar edildi

  • 11.03.2024 23:54
  • 7.3k+

Abraýly Women's World Car Of The Year baýragynyň ýeňijisi yglan edildi. Bu ýyl baş baýragy Kia EV9 elektrik krossoweri aldy. 110 km neşiriniň habar bermegine görä, bu model Aston Martin, BMW, Volkswagen we Volvo ýaly bäsdeşlerinden öňe saýlandy.

52 ýurduň 75 žurnalistinden ybarat emin agzalary EV9-nyň dizaýnyna, işleýşine, howpsuzlygyna we daşky gurşawa zyýansyzlygyna ýokary baha berdiler. Mundan başga-da, Kia krossoweri “Ýylyň iň gowy krossoweri” kategoriýasynda iň gowusy diýlip ykrar edildi.
Geçen ýyl başga bir Kia awtoulagy - Niro WWCOTY baýragyny alypdy.

Beýleki ýeňijiler:

  • Iň oňat sport awtoulagy: Aston Martin DB12
  • Iň oňat 4WD ulagy: Volkswagen Amarok
  • Iň oňat premium awtoulag: BMW 5-Series
  • Iň oňat maşgala awtoulagy: Volvo EX30

World Car of the Year-yň (WCOTY) netijeleri 27-nji martda yglan ediler, Kia EV9 hem “erkekleriň ulagy” kategoriýasynda ýylyň awtoulagy diýen ada dalaş eder. Jemleýji bölümde awtoulag BYD Seal we Volvo EX30 bilen bäsleşer.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....