Garri Keýn Bundesligadaky ilkinji möwsüminde dört het-trik eden ilkinji oýunçy boldy

  • 11.03.2024 12:52
  • 5k+

«Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn Bundesligadaky ilkinji möwsüminde dört het-trik eden ilkinji oýunçy boldy. Bu barada Mirror habar berýär.

9-njy martda Germaniýanyň Bundesligasynyň 25-nji tapgyrynyň oýny geçirildi, onda  «Bawariýa» bilen «Maýns» duşuşdy. Ýer eýeleri 8:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandylar. Mýunheniň toparynyň düzüminde angliýaly hüjümçi Garri Keýn het-trik etdi, bu Bundesliganyň şu möwsüminde onuň «Bawariýanyň» düzümindäki dördünji het-trigi boldy.
Ondan öň angliýaly hüjümçi Bundesliganyň 7-nji tapgyrynda «Bohum» (7:0), 9-njy tapgyrynda «Darmştadt» (8:0), 10-njy tapgyrynda Dortmundyň «Borussiýasy» (4:0) bilen geçirilen oýunlarda het-trik edipdi.
Umuman alanyňda, Garri Keýn Bundesliganyň şu gezekki möwsüminde 25 oýunda 30 pökgi geçirip, ýaryşyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy boldy.


düýn 12:21
1.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

25.05.2026 20:46
6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
5.4k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....