Teýlor Swiftiň konsert syýahaty Singapuryň JIÖ-ne goşmaça $300 mln goşar

  • 10.03.2024 22:49
  • 7.1k+

Teýlor Swift ýaly ýyldyzlaryň konsertleri diňe bir medeni çäre bolman, eýsem dürli ýurtlar üçin möhüm ykdysady faktordyr. Şeýlelik bilen, ykdysatçylar birinji çärýekde Singapuryň JIÖ-niň ösüşi baradaky çaklamany 2,9%-e çenli ýokarlandyrdylar we analitikler bu ösüşe ýardam edýän şertleriň biri hökmünde meşhur amerikaly aýdymçynyň “The Eras” konsert syýahatyny bellediler diýip, Bloomberg habar berýär.

Swiftiň Singapurda 2-nji martdan 9-njy mart aralygynda geçen alty konsertiniň ýurduň ykdysadyýetine, takmynan, 225-300 mln dollar ýa-da JIÖ-ne goşmaça 0,2% getirmegine garaşylýar. Bu serişdeler Swiftiň konsertine gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň köp bolmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, DBS Bank-yň ykdysatçysy Çua Han Teng belleýär.
Singapur pop-ýyldyzyň täze albomyna bagyşlanan syýahata goşulan ýeke-täk Günorta-Gündogar Aziýa ýurdudyr.
“The Eras” giň gerimli syýahat bolup, onuň çäklerinde Teýlor Swift 151 konsert berer. Syýahat 2023-nji ýylyň mart aýynda başlady we 2024-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanar. Mundan öň “The Eras” taryhda iň girdejili syýahat hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 2023-nji ýylyň dekabr aýyna çenli ýagdaýa görä, onuň girdejisi 1,04 mlrd dollara barabar boldy.


03.06.2026 22:59
2.4k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....