Petrofac "Galkynyş" käninde hyzmat işleri üçin 200 mln dollarlyk şertnama aldy

  • 09.03.2024 16:08
  • 11k+

Global energetika pudagynda öňdebaryjy hyzmatlary üpjün ediji Petrofac kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde hyzmat bermek üçin “Türkmengaz” döwlet konserni bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy. Şertnamanyň bahasy 200 mln dollardan gowrak boldy diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.

Petrofac amallara we tehniki hyzmatlara gözegçilik etmek we goldaw bermek üçin işgärler bilen üpjün eder, şeýle-de tehniki goldawy we satyn alyş boýunça hyzmatlary hödürlär. Kompaniýa käniň 1 we 1A merkezi tehnologik desgalarynyň netijeli işlemegini goldamak üçin dolandyryş ulgamlaryny işläp düzer we ornaşdyrar.
Öň, Petrofac “Galkynyşda” satlyk gazy kükürtden arassalamak boýunça toplumy, şeýle-de ýerüsti önümçilik desgalaryny gurmak taslamasyny durmuşa geçirdi. Käni özleşdirmek baradaky şertnama 2009-njy ýylda baglaşyldy we 2013-nji ýylda tamamlandy.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......