Ýaponiýada uçýan awtomobilleriň önümçiligi başlandy

  • 08.03.2024 17:50
  • 14k+

Ýaponiýanyň Suzuki we Skydrive kompaniýalary uçýan awtomobilleriň önümçiligine başladylar. Bu barada kompaniýalaryň bilelikdäki beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär.

“Şu gün men Suzuki bilen bilelikde uçýan awtomobilleriň önümçiliginiň başlandygyny habar bermäge şat. Biz önümçilige ýarym ýyldan gowrak wagt taýýarlandyk, biz bir bitewi topar hökmünde täze ädim ädip bilýändigimiz üçin minnetdar” – diýip, Skydrive kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tomohiro Fukudzawa belledi.

Uçýan awtomobili 2025-nji ýylda Osaka şäherinde geçiriljek Expo-2025 bütindünýä sergisinde ulanmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, 2026-njy ýylda şahadatnamalaşdyryş we beýleki zerur proseduralar geçirilenden soň, enjam şahsy adamlara satylyp başlanar.
SKYDRIVE (SD-05) modeli üç adamy gatnatmak üçin niýetlenendir. Bu sana sürüji hem goşulýar. Enjam 12 elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilip, dik uçuşy we gonuşy ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 100 km barabar, uçuş aralygy – 15 km. Ony, ilkinji nobatda, taksi hökmünde, şeýle-de lukmançylyk işgärlerini çalt gatnatmak üçin ulag serişdesi hökmünde ulanmak göz öňünde tutulýar.
Suzuki we Skydrive ýylda 100 töweregi şeýle enjamy öndürmegi meýilleşdirýär.


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
13k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

29.05.2026 16:35
6.8k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......

15.05.2026 09:20
6.7k+

Toyota täze başlan sürüjiler üçin Corolla-nyň elýeterli okuw wersiýasyny çykardy

Ýaponiýada Toyota Corolla-nyň "Driving School" diýlip atlandyrylýan täze modifikasiýasy çykaryldy. Bu ýöriteleşdirilen wersiýa ýörite ýerli sürüjilik mekdepleriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin......