Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär

  • 08.03.2024 10:00
  • 8.4k+

16-njy martda ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer T.Atahallyýew 7-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Wise-premýer şeýle hem oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, şol sanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri, ekin meýdanlarynda tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri dowam etdirilýär. Oba hojalyk tehnikalary, gurallar möwsüme taýýarlanylýar.
Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin goşmaça suw gorlaryny döretmek we suw serişdelerini rejeli ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda ähli tagallalar edilýär. Mundan başga-da, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler dowam edýär.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......