Mercedes-Benz we BMW bilelikde Hytaýda çalt zarýad beriş stansiýalar ulgamyny gurar

  • 07.03.2024 22:55
  • 6.8k+

Mercedes-Benz we BMW kompaniýalarynyň Pekinde ýerleşýän bilelikdäki kärhanasy Beijing Ion Qi New Energy Technology Hytaý bazaryndaky awtoulaglar üçin çalt zarýad beriş stansiýalar ulgamyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada ixbt.com habar berýär.

2026-njy ýyla çenli bu kärhana Hytaýda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen azyndan 1000 sany çalt stansiýalary gurmagy meýilleşdirýär, zarýad beriş stansiýalarynyň umumy sany bolsa 7000 bolar. Ilkinji stansiýalar uly şäherlerde eýýäm şu ýyl ulanylyşa giriziler.
2023-nji ýylda BMW Hytaýa 40 000-den gowrak elektromobil iberdi. Kompaniýanyň umumy satuwynyň ýyllyk ösüşi 138%-den gowrak boldy. Hytaýda BMW i3 we BMW iX3 iň köp satylan elektrik awtoulaglar boldy. BMW i5 ýanwar aýynda resmi taýdan hödürlendi.
BMW Supercharging Station taslamasy 2023-nji ýylyň awgust aýynda resmi taýdan işe girizildi. Zarýad batareýalary 600 kWt zarýad beriş kuwwatyny goldaýar. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, Hytaýyň 17 uly şäherini gurşap alýan we ähli markalaryň awtoulaglary üçin açyk bolan 54 stansiýa guruldy.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......