Mart aýynda Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

  • 06.03.2024 00:15
  • 5.7k+

11-13-nji martda Aşgabat şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky 15-nji mejlisi geçiriler. Mejlisiň barşynda guramanyň we geňeşiň işleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşylar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 14-nji mejlisi Özbegistanyň Samarkant şäherinde 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilipdi.
Ýaşulular geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriş edarasy bolup, gurama agza döwletleriň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgärlerinden düzülýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň hormatly agzalygyna saýlandy.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy wezipesini Türkiýäniň ozalky Premýer-ministri Binali Ýyldyrym alyp barýar.
Belläp geçsek, türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda Türkiýä iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup biljekdigi barada belledi.


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......