ÝHHG-niň Baş sekretary Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

  • 05.03.2024 00:48
  • 5.4k+

4-nji martda Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini hem-de ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn täze ugurlar boýunça giňeldilýändigini belledi.
Söhbetdeşligiň barşynda myhman Türkmenistana bu gezekki saparynyň ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak bilen baglydygyny bellemek bilen, bu maslahatlaşmalaryň öňde durýan möhüm meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga itergi berjekdigini aýtdy. Şeýle hem häzirki wagtda gender deňligini üpjün etmegiň, zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmagyň ÝHHG-niň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridigine ünsi çekmek bilen, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly tejribäni paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......