Türkmenistan 2024-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup biler

  • 04.03.2024 13:30
  • 13k+

Türkmenistan 2024-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup biler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýä iş saparynyň çäklerinde belledi.

Antalýa diplomatiýa forumynyň barşynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň “TÜRKSOÝ” halkara žurnalynyň baş redaktory Salim Ezer häzirki wagtda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýedigini we onuň çäklerinde işjeň iş alyp barýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygyna ýurdumyzyň haçan bu guramanyň doly hukukly agzasy boljakdygy baradaky sowal bilen ýüzlendi.
Gurbanguly Berdimuhamedow nesli oguzlardan gaýdýan türki halklaryň köküniň birdigini belläp, şu ýylyň biz üçin şanly ýyldygyny nygtady. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçýän bu ýylda biz beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram edýäris. Şanly sene mynasybetli uly dabaralar guralar. Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, sammit geçiriler. Bu sammite Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Şular barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy şol sammitde Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmagynyň mümkindigini belledi.


şu gün 07:51
297

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
867

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......