ChatGPT döredijilikli pikirleniş synaglarynda adamlardan öňe geçdi

  • 03.03.2024 23:41
  • 5.5k+

Arkanzas uniwersitetiniň amerikan alymlary akylly çat-bot ChatGPT-niň döredijilikli pikirleniş synaglarynda adamlardan öňe geçýändigini anykladylar. Bu gözleg «Scientific Reports» (SciRep) ylmy žurnalynda çap edildi.

Bu açyş anyk jogaby bolmadyk soraga özboluşly çözgüt döretmek ukybyny görkezmek üçin geçirilen synaglaryň dowamynda ýüze çykaryldy. Muňa «Ene-ataňyz bilen syýasat hakda gürleşmezlik üçin iň gowy ýol haýsy?» diýen sorag mysal bolup biler.
Synaga 151 meýletinçi gatnaşdy. Gatnaşanlar üç synagda GPT-4 neýroulgam modeli bilen «güýç synanyşdylar»: ýüp ýa-da wilka ýaly zatlary döredijilikli peýdalanmagy teklip etmek, gipotetiki ýagdaýlaryň bolup biljek netijelerini beýan etmek (mysal üçin, adamlara indi uky zerur bolmasa näme bolardy) we manysy boýunça biri-birinden mümkin boldugyça iň uzak 10 sany jyns at tapmak.
Jogaplar wariantlaryň sany, uzynlygy we sözleriň arasyndaky semantik (many) tapawudy bilen bahalandyryldy.
Netijede, awtorlar umumylykda, GPT-4-iň döredijilikli pikirleniş synaglarynyň hersinde adamlara garanyňda, has özboluşly we çylşyrymly pikirleri döredendigine göz ýetirdiler. Başgaça aýdylanda, GPT-4 döredijilikli pikirleniş synaglarynyň doly toplumynda has uly döredijilik mümkinçiliklerini görkezdi.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...