Alymlar 700 ýylda ilkinji gezek Dante Aligýeriniň ýüz keşbini dikeltdiler

  • 02.03.2024 13:57
  • 10k+

Adamlar ilkinji gezek Dowzahy beýan eden adamyň – Dante Aligýeriniň "ýüzüni gördüler". Alymlar ýazyjynyň kelleçanak süňküni ulanyp, onuň ýüz keşbini dikeltdiler.

Dante «Ylahy komediýa» poemasy bilen Günbatar edebiýatynyň nyşanyna öwrüldi, bu eserde Jennete, günälerden saplanylýan ýere (araf) we Dowzaha syýahat barada gürrüň berilýär.
Baý mirasynyň bardygyna garamazdan, Danteniň iň meşhur portretleri awtoryň ölüminden köp wagt geçenden soň döredildi. Şu wagta çenli onuň ýüz keşbi syrlydy. Şeýle-de bolsa, indi alymlar ony dikeltdiler we ýazyjynyň adaty keşbiniň näme üçin beýle üstünlikli bolmandygyny düşündirdiler.
Ilki bilen, üns bermeli zat – bu Danteniň daşky görnüşi ýazyjy Bokkaçio tarapyndan düzülen terjimehalyndaky maglumatlar esasynda döredildi. Şondan onuň süýri ýüzüniň, egri burnunyň we uly gözleriniň bardygy belli boldy. Şeýle-de bolsa, Bokkaçio sypatlandyrýan adamsyny tanamaýardy, ol eseri üçin şahyra ýakyn adamlardan ýa-da onuň bilen ýaşaýan adamlardan maglumat toplady.
Danteniň keşbini dikelden hünärmenler iki nusga döretdiler. Birinjisinde alymlar obýektiw çemeleşdiler we onuň ýüzüni çal reňkde, saçsyz, gözleri ýumup duran şekilde döretdiler.
Ikinji şekilde şahyryň iň meşhur suratlaryna laýyklykda saç, deriniň reňki, göz we geýim ýaly subýektiw elementler bar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....