Aşgabatda 15-20-nji aprelde hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler

  • 02.03.2024 10:07
  • 5.5k+

2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Türkmenistanda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçiriler. Ýaryşlar Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.

1-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine degişli ýaryşy geçirmäge ygtyýar berýän resminama gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu ýaryş halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmäge, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermäge ýardam eder.


18.06.2026 14:40
3.9k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......