Politico: Ýewropanyň 32 metbugat kompaniýasy Google-dan 2,1 milliard ýewro talap etdi

  • 01.03.2024 16:17
  • 2.5k+

Politico gazetiniň habaryna görä, Ýewropadaky 32 metbugat kompaniýasy Google-dan 2,1 milliard ýewro tölemegini talap edip, arza berdi. Arza berijiler korporasiýany sanly mahabat bazarynda esasy orny eýeleýändiginden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplaýarlar diýip, Politico gazeti ýazýar.

Olaryň sözlerine görä, Google-yň syýasaty sebäpli mahabatdan  az girdejisi alypdyrlar we mahabat hyzmatlary üçin artykmaç pul töläpdirler.
Arza Niderlandlaryň kazyýetine tabşyryldy. Arza berijileriň içinde  Ýewropanyň 17 ýurdundan Axel Springer, Schibsted, DPG Media ýaly we beýleki metbugat kompaniýalary bar.
2023-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Komissiýasy Google-y mahabat işinde monopoliýa garşy kanunlary ýerine ýetirmezlikde aýyplady. ÝB soňky ýyllarda ÝB-niň sanly bazardaky bäsdeşlik baradaky düzgünlerini bozandygy üçin Google-a, Microsoft-a we Amazona eýýäm jerime salypdy.  


29.05.2026 16:32
1.3k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...