Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisiniň ygtyýarlyk möhleti tamamlanýar

  • 01.03.2024 11:05
  • 3.4k+

29-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmet bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda ministriň orunbasary türkmen-pakistan dostlukly gatnaşyklaryny berkitmäge goşan goşandy üçin ilçä minnetdarlyk bildirdi we bu wezipede işlän döwründe ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygynda täze ösüşleriň we üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.
Taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki esasynyň energetika pudagynda, hususan-da Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň durmuşa geçirilmegine ünsi çekdi.
Gepleşikleriň çäginde taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Pakistanyň ilçisi Türkmenistanda alyp baran diplomatik işiniň dowamynda hemmetaraplaýyn hemaýaty we goldawy üçin Daşary işler ministrligine minnetdarlygyny bildirdi.
Pakistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine Ahsan Wagan bellenildi.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......