Windows 11 Wi-Fi 7 we USB4 2.0 üçin goldaw alar

  • 29.02.2024 18:53
  • 2.1k+

Microsoft Windows 11-de Wi-Fi 7 we USB4 2.0 üçin goldaw synagyny geçirip başlady. Täze aýratynlyklar  Windows Insider programmasyna gatnaşyjylar üçin operasion ulgamyň beta-wersiýasynda Canary toplumynda elýeter boldy diýip, GitHub habar berýär.

Wi-Fi 7 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Windows 11-iň durnukly wersiýalarynda elýeterli bolar diýlip garaşylýar. Täze standart, Wi-Fi 6 bilen deňeşdirilende, geçirijilik ukybyny we maglumatlary ýükläp almagy iki esse artdyrýar. Iň ýokary ýükläp alyş tizligi 5,75 GB / s bolar.
Şeýle hem, Microsoft USB Type-C kabeliniň üsti bilen 80 Gbit / s-a çenli maglumat geçiriş tizligini üpjün edýän USB4 2.0 goldawyny synagdan geçirýär.


17.03.2026 16:47
987

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

02.03.2026 11:03
1.6k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...

20.02.2026 12:27
904

Microsoft we Ericsson PK-larda hemişelik 5G birikmesi üçin tehnologiýalaryny birleşdirýärler

​Microsoft we Ericsson kompaniýalary emeli aň goldawy bolan Windows 11 operasion ulgamly kompýuterlerde 5G tehnologiýalaryny has çuňňur integrasiýa etmek boýunça bilelikde işleýändiklerini yglan etdiler. Täze başlangyç korporatiw noutbuklarda mobil ulgamlary ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...