Gökdepedäki kölüň kenarynda "ýaşyl" oýunlar guralar

  • 29.02.2024 13:31
  • 9.4k+

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda “ýaşyl” oýunlary gurar diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Ekologiýa çäresi 3-nji martda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň meýletinçileriniň we ekologiýa babatda işjeň agzalaryň gatnaşmagynda geçiriler.
Gatnaşyjylar tebigatda özüňi alyp barmagyň düzgünleri bilen tanşyp, “Agama” alpinistler klubynyň agzalaryndan ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryny öwrenerler. Ekologiýa çäresi hapa galyndylary ýygnamak, durnukly ösüş üçin “ýaşyl” taslamalary taýýarlamak boýunça bäsleşikleri öz içine alar. Çäräniň çäklerinde Türkmenistnyň Gyzyl kitabyna girizilen sazak nahallary ekiler.
Galyndylary ýygnamak bäsleşigi: 6 adamdan ybarat topar bölünip berlen çägi zyňyndylardan arassalamak boýunça bäsleşerler. Bäsleşigiň ahyrynda her toparyň toplan zyňyndylarynyň agramy çekiler we ýeňiji yglan ediler.
“Ýaşyl” taslamalary taýýarlamak bäsleşigi: ekologiýa meselelerini çözmek maksady bilen toparlara “ýaşyl” taslamalaryň maksatnamasyny düzümek we tanyşdyrmak teklip ediler. Emin agzalar bolsa ideýalaryň döredijilikli häsiýetine we täzeçilligine baha bererler.
Nahal oturtmak: Toparlara sazak nahallarynyň 400 sanysyny ekmek teklip ediler. Eminler bolsa, olaryň ýokary hilli oturdylyşyna baha bererler. Iň köp sazak nahalyny ýokary hilli oturdyp bilen topar ýeňiji diýlip yglan ediler.
Zyňyndylary ýygnamak, “ýaşyl” tehnologiýalary taýýarlamak we bag nahallaryny ekmek boýunç iň ýokary görkezijileri gazanan topar “ýaşyl” oýunlaryň ýeňijisi diýlip yglan ediler.
“Ýaşyl” oýunlar “ForOurPlanet” atly taslamanyň çäklerinde geçiriler. Bu taslama ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek boýunça toparlaýyn hereketleri ilerletmegi maksat edinýär. Çäre şeýle hem daşky guraşwy goramak ulgamynda işleri işjeňleşdirmäge, raýatlaryň, raýat jemgyýetleriniň we ekologiýa birleşikleriniň arasynda hyzmatdaşlyga ýardam etmäge gönükdirilendir.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......