Magtymgulynyň golýazmalary hakynda dokumental filme Britan kitaphanasynyň wekilleri gatnaşar

  • 27.02.2024 19:18
  • 9.1k+

Magtymguly Pyragynyň golýazmalary bilen içgin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekilleriniň Beýik Britaniya saparyny gurnamak meýilleşdirilýär. Bu barada ýakynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçisi Ý.Serýaýewiň Beýik Britaniýanyň “British Library” kitaphanasynyň Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory Marsiýe Hopkins bilen geçiren iş duşuşygynda bellenilip geçildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle-de duşuşykda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragynyň golýazma mirasy” atly taýýarlanylýan dokumental filmi üçin “British Library” kitaphanasynyň wekilleriniň şahyryň golýazmalary barada gürrüň bermek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň “British Library” kitaphanasynda saklanýan asyl golýazmalarynyň nusgalarynyň göçürmesi bilen tanyşlyk gurnaldy.
Bulardan başga-da, “British Library” kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Golýazma institutynyň we kitaphanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
“British Library” kitaphanasynyň gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby hem-de “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitap sowgat berildi.


düýn 19:18
2.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

düýn 10:10
2.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......