2023-nji ýylda dünýäde awtomobil satuwynyň netijeleri: Toyota ýene-de lider

  • 27.02.2024 19:46
  • 20k+

2023-nji ýylda iň köp satylan awtomobil brendleriniň reýtinginde henizem Toyota öňdebaryjy bolmagyny dowam edýär. Ol yzygider 14-nji ýyl birinji orny eýeleýär diýip, ixbt.com habar berýär.

Reýtingde BYD 9-njy orna çykdy. Focus2move agentliginiň täze hasabaty dünýäniň 159 bazarynda täze ýeňil awtomobilleriň hasaba alnyşy baradaky maglumatlary göz öňünde tutýar.
Toyota 9,07 mln awtomobil satdy, bu taryhdaky rekorddan 1,5 mln-dan gowrak azdyr, ýöne geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,1% köpdür. Ikinji orny eýeleýän Volkswagen 5,1 mln awtomobil satyp (+7,0%), dünýä bazarynyň 6%-ini eýeledi. Üçünji orunda 3,9 mln satylan birlik bilen (+3,7%) Honda ýerleşýär.
Dördünji orny 3,8 mln satylan awtomobil bilen Hyundai eýeledi (+5,5%), onuň yzyndan 3,7 mln bilen (+4,4%) Ford, 3,3 mln bilen (+8,5%) Nissan, 3,29 mln bilen Chevrolet, 3,0 mln satylan birlik bilen (2,2%) Kia gelýär.
BYD 2,6 mln awtoulag satyp (+48,8%) iki orun ýokary galdy. 2019-njy ýylda bu awtoulag öndürijisi 49-njy orny eýeleýärdi.
Onlugy 2,2 mln awtoulag bilen (+0,6%) Mercedes jemledi, BMW bolsa 2,2 mln bilen 11-nji orny eýeledi.


düýn 15:11
2.5k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.7k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:49
2.9k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

07.06.2026 16:58
2.4k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....