Windows 11 bilen işleýän kompýuterler ulanyjynyň sesinde gürlemegi öwrener

  • 27.02.2024 14:56
  • 2k+

«Microsoft» kompaniýasy «Speak for me» atly sesli diktor tehnologiýasynyň üstünde işleýär, ol saýlanan teksti tebigy sesde, şol sanda ulanyjynyň sesinde aýdyp biler. Bu barada «Windows Latest» portaly habar berýär.

Täze ulgam entek ulanyjylar üçin elýeterli däl, ýöne operasion ulgama üýtgetmeleri girizip, funksiýany açyp bolýar. «Speak for me» mümkinçiligi çäkli adamlar ýa-da uly resminamalary özbaşdak sesli okamak islemeýänler üçin peýdaly bolup biler.
Teksti sesli diňlemek üçin öz sesiňizi saýlamak mümkinçiliginden başga-da, «Speak for me» ulgamynda eýýäm taýyn sesler bardyr. Ulanyjylara iňlis (ABŞ, Hindistan, Angliýa), hytaý (ýönekeýleşdirilen), fransuz, nemes, ýapon, koreý, portugal we ispan (ispan we meksikan) dilleri elýeterlidir.
Diktoryň  sesiniň robotyňka meňzeş däldigi we «geň galdyryjy derejede tebigy ses aýratynlyklaryna eýedigi» bellenilýär.
«Speak for me» ulgamynyň taýýar görnüşde «Windows 11 24H2» täzelenmesi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň güýzünde tanyşdyrylmagyna garaşylýar.


02.03.2026 11:03
1.5k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...

20.02.2026 12:27
863

Microsoft we Ericsson PK-larda hemişelik 5G birikmesi üçin tehnologiýalaryny birleşdirýärler

​Microsoft we Ericsson kompaniýalary emeli aň goldawy bolan Windows 11 operasion ulgamly kompýuterlerde 5G tehnologiýalaryny has çuňňur integrasiýa etmek boýunça bilelikde işleýändiklerini yglan etdiler. Täze başlangyç korporatiw noutbuklarda mobil ulgamlary ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...

26.07.2025 16:58
1.9k+

Microsoft-yň Surface Laptop 5G noutbugy sekuntda 40+ trillion amaly ýerine ýetirýän NPU-ny aldy

Microsoft gibrid birikmesi bolan Surface Laptop 5G-niň korporatiw wersiýasyny bildiriş etdi. Enjam 26-njy awgustda 1799 dollardan  satuwa çykar diýip, The Verge ýazýar. Täze önüm nano-SIM üçin lotok we eSIM moduly bilen enjamlaşdyrylyp, Wi-Fi-ýa bagly bolmazdan 5G toruna birikmegi üpjün edýär...