Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň Başlygy bilen duşuşdy

  • 23.02.2024 17:29
  • 11k+

22-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukagan bilen duşuşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, iki ýurduň arasynda hereket edýän Parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklaryny döretmek, parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak we parlamentara hyzmatdaşlykda durnukly ösüşi gazanmak meseleleri babatynda nygtaldy.
Mundan başga-da, taraplar «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns çekdiler.
Şeýle hem, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň ýaňy-ýakynda geçirilen birinji duşuşygynyň ähmiýeti barada bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar halkara guramalarynyň çäginde iki ýurduň parlament agzalarynyň başlangyçlaryny goldamagyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde parlamentleriň möhüm orny beýan edildi
Şunuň bilen baglylykda, taraplar parlament diplomatiýasy arkaly türkmen-ýapon gatnaşyklaryny berkitmek, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak barada ylalaşdylar.


düýn 10:10
2.7k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:13
4.8k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....