Türkmenistanyň ilçisi Ýerewan döwlet uniwersitetinde umumy okuw sapagyny geçdi

  • 22.02.2024 16:44
  • 3.4k+

20-nji fewralda Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň talyplarynyň öňünde “Magtymgulynyň filosofiki mirasy- Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasydyr” mowzugynda umumy sapak berdi. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň häzirki wagtdaky daşary syýasatynyň konseptual esasynyň Magtymgulynyň öz döwründe wagyz eden  we arzuw eden ideallary hökmünde häsiýetlendirilýändigi bellendi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň häzirki wagtdaky daşary syýasaty – türkmen döwletiniň bitaraplyk syýasatynyň esasyny düzen pikirleri, Türkmenistanyň syýasy-diplomatiki ugrunyň pähim-paýhas, dowamlylyk we şol bir wagtda täzelik hem-de ähmiýetlilik çeşmesi bolmagyna galýar.
Şeýle hem okuw sapagynda Şahyryň öz goşgularynda bütin adamzady agzybirlige, dost-doganlyga, milli däp-dessurlara, ruhy gymmatlyklara hormat goýmaga, ynsanperwer, watansöýüji we adalatly bolmaga çagyrýan maglumatlaryň bardygy nygtaldy.
M.Aýazow türkmen-ermeni medeni-edebi gatnaşyklarynyň üstünde durup, ermeni ýazyjy-şahyrlaryň eserleri, şeýle hem ermeni awtorlaryň makalalary türkmen diline terjime edilip, olaryň Türkmenistanyň dürli edebiýat neşirlerinde we žurnallarynda çap edilendigini belledi.
Çäräniň ahyrynda ermeni türkologlary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ermeni dilinde okadylar we talyplara türkmen klassiki goşgularynyň ermeni diline terjime edilen paýlama materiallaryny berdiler.


şu gün 18:54
813

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
617

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

şu gün 15:17
1.5k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......