Gurbanguly Berdimuhamedow Mirziýoýewiň Magtymgulynyň ýubileýini bellemek kararyna minnetdarlyk bildirdi

  • 22.02.2024 14:56
  • 6.4k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Karary üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi.

Siziň döredijiligi, filosofik mirasy bilen adamzadyň ruhy genji-hazynasynda hemişelik orun alan mugallym we ynsanperwer Magtymguly Pyragynyň umumydünýä edebiýatynyň hem-de medeniýetiniň taryhynda görnükli orny baradaky sözleriňiz bilen doly ylalaşýaryn. Elbetde, biz Magtymgulynyň türkmen we özbek halklarynyň doganlygynyň, dostlugynyň, ykballarynyň bitewüliginiň binýadyny döretmäge goşan uly goşandyny hemişe aýratyn minnetdarlyk we buýsanç duýgusy bilen belleýäris.
Şahyryň terjimehalynda we döredijiliginde Özbegistan aýratyn orny eýeleýär. Hywada bilim alan döwri, ol Özbegistanyň taryhyny oňat özleşdiripdir, çuňňur hormat hem-de gyzyklanma esasynda onuň topragyna, halkyna, däp-dessurlaryna tüýs ýürekden söýgi bilen aralaşypdyr. Häzirki wagtda Magtymgulynyň goşgularynyň özbek dilinde ýaňlanmagy, Özbegistanyň mekdeplerinde, ýokary bilim ojaklarynda öwrenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Türkmenistanda hem Alyşir Nowaýy, Mirzo Ulugbek, Munis Horezmi ýaly beýik özbek şahyrlary, akyldarlary hem alymlary tanalýar we hormatlanýar.
Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegi biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň mäkämliginiň, taryhy ykballarynyň umumylygynyň, agzybirligimiziň, hemişe bile bolmaga taýýardygymyzyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüler. Kabul edilen Karar üçin Size ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin" diýlip hatda aýdylýar.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......