«Arkadag» FK «Zenit» FK bilen deňme-deň oýnady

  • 22.02.2024 08:29
  • 17k+

21-nji fewralda Türkmenistanyň çempiony "Arkadag" futbol kluby bilen Russiýanyň premýer-ligasynyň çempiony "Zenitiň" arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Abu-Dabide (BAE) okuw-türgenleşikleriniň çäklerinde geçen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.

Duşuşykda hasaby Sankt-Peterburguň kluby açdy. Öz adyna goly "zenitiň" fransuz hüjümçisi Wilson Izidor ýazdyrdy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tejribeli hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew jerime urgusyndan hasaby deňledi.
Indiki ýoldaşlyk duşuşygyny "Arkadag" futbol kluby 25-nji fewralda "Abdyş-Ata" (Gyrgyzystan) bilen geçirer.
Ýatlat geçsek, öň tälimçi Wladimir Baýramowyň şägirtleri 2:1 hasabynda Russiýanyň premýer-ligasynyň beýleki bir wekili - "Pari NN" klubuny ýeňdi.


düýn 22:47
5k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
8.4k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.3k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.8k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......