Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

  • 21.02.2024 21:33
  • 15k+

21-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda okgunly ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bellenildi.
Yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki hereketleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag we kommunikasiýalar, senagat toplumy hem-de oba hojalygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler we durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalary dürli pudaklarda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge hem-de işewür düzümleriň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik döredýär.
Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgam türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ylym, bilim we medeniýet, şeýle hem sport ulgamlary boýunça özara hyzmatdaşlyk, bu ugurda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki halky ýakynlaşdyrmagyň, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem umumy bähbidiň hatyrasyna işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler diýlip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....