Bosagada 5G. Türkmenistan aragatnaşyk ulgamynyň täze standartyna geçmäge taýýarlanýar

  • 21.02.2024 20:58
  • 28k+

Türkmenistan telekommunikasiýa pudagynda iň täze tehnologiýalary işjeň ýagdaýda ornaşdyrýar. Indiki ädim ähli raýatlar we kärhanalar üçin internete ýokary tizlikli we ygtybarly elýeterliligi üpjün etjek ykjam aragatnaşygyň bäşinji nesline geçmekden ybarat.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, ýurtda eýýäm döwrebap 5G ülňülerini ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär. Degişli işler Türkmenistany 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar.
Telekommunikasiýa pudagynyň ösüşine jogapkär “Türkmenaragatnaşyk” agentligi öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryndan döwrebap enjamlary öwrenýär we synagdan geçirýär hem-de infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek maksady bilen daşary ýurt maýa goýumlaryny özüne çekýär.
Ýurduň ähli künjeklerini gurşap alýan “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň torunyň ösdürilmegine, şeýle-de awtomatlaşdyrylan hasaplaşyk (Billing) ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we giňeldilmegine aýratyn üns berilýär.

“Häzirki wagtda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek taslamasynyň çäklerinde ýurdumyzda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryndan döwrebap enjamlar toplumy oturdyldy, bu hatda uzakdaky ilatly nokatlary-da ýokary tizlikli öýjükli aragatnaşyk, şol sanda giň zolakly internet bilen üpjün edýär” diýlip, agentligiň habarynda aýdylýar.

Şular bilen bir hatarda, Internet ulgamyny kämilleşdirmek taslamasy boýunça enjamlar toplumlaryny gurnamak işleri-de alnyp baryldy.
Türkmenistanyň sanly hyzmatlar gurşawynda-da işjeň ösüş hasaba alynýar.
Sanly hyzmatlar:
Internet ulanyjylaryň sany 3 195 919 adama barabar, şolardan:

  • 441 010-usy simli internet ulanyjy,
  • 2 754 909-ysy öýjükli internet ulanyjy;

Häzirki wagtda ýurdumyzda daşky internet kanalyň kärendä alynýan bölegi 170 gigabit/sekunta ýetdi, içki internet kanalyň ulanylyşy 95 gigabit/sekunt.
Häzirki wagtda, e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portalyna jemi 515, ýagny 41 onlaýn tölegler we hyzmatlar, 268 sany maglumat hyzmatlary, şeýle hem döwlet edaralarynyň 158 sany web-saýtlaryna we 48 sany amala aşyrýan hyzmatlaryna salgylanmalar ýerleşdirilen.
Häzirki wagtda, e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portalynda jemi 42 315 sany şahsy otaglar döredildi.
Ýurdumyz boýunça jemi 1 068 sany internet web-saýtlar bellige alyndy, olardan 312-si elektron söwda nokatlary we Internet dükanlary. Saýtlaryň 209-ysy şertnamalaýyn esasda Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy tarapyndan gözegçilige alyndy.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....