Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti II Açyk halkara informatika olimpiadasyna çagyrýar

  • 21.02.2024 07:49
  • 10k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2024-nji ýylyň 15-20-nji aprelinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasyny (OIOIUS-2024) hem-de olimpiada gatnaşýan talyp ýaşlaryň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirýär.

Bu halkara çäreler dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli tejribe alyşmaga ýardam berer.
Olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilýär.
Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis.
Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde iki tapgyrda geçiriler.
Olimpiada islendik hünärde we ugurda hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça okaýan talyplar gatnaşyp biler.
Olimpiada her ýokary okuw mekdebinden gatnaşýan talyplaryň sany 5-den geçmeli däl.
Ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiligi arkaly talyplaryň toplan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijileri kesgitlenilýär.
Olimpiada degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň https://iogu.edu.tm/faculties/48 web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň sanawyny nusga laýyklykda taýýarlap 2024-nji ýylyň 31-nji martyna çenli hngu.olimp@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly. Olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdebiniň topar ýolbaşçysy bäsleşige programma düzüp çözülýän 3 meseläni hödürläp biler. Hödürlenýän meseleler anyk çözüwi bilen guramaçylyk toparyna 2024-nji ýylyň 1-nji apreline çenli ugradylmaly. Daşary ýurtdan gelýän gatnaşyjylaryň wizalaryny we Türkmenistana gelmek üçin beýleki resminamalaryny resmileşdirmek üçin zerur bolan maglumatlaryň we resminamalaryň sanawy gatnaşyjylaryň elektron salgylaryna ugradylar.

Habarlaşmak üçin:
Tel.: +993 12 39 13 36, +993 65 67 51 31, +993 12 39 14 57, +993 65 62 59 33, +993 12 39 13 18, +993 64 02 25 21
E-mail: hngu.olimp@gmail.com


23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......