Tretýakow galereýasynda Türkmenistanyň suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň sergisi guralar

  • 21.02.2024 06:51
  • 1.9k+

Ýakyn geljek Russiýanyň Tretýakow galereýasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleriniň sergisini guramak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew bilen Treýtýakow galereýasynyň baş direktory Ý.W.Proniçewanyň arasynda geçirilen iş duşuşygynda bellenildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Türkmenistanyň ilçi türkmen halkynyň nusgawy şahyry, pelsepeçi we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp döwlet we halkara derejesinde uly çäreleriň geçirilýändigini nygtady.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temasy, medeni we ynsanperwerlik pudagynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň käbir taraplary, hususan-da, ýakyn geljek Tretýakow galereýasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleriniň sergisini guramak meselesi bilen bagly boldy.
Taraplar köp ýyllaryň dowamynda ýola goýulan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Tretýakow galereýasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleriniň sergisini 2026-njy ýylda guramak barada taraplar Tretýakow galereýasynyň we sungat pudagynda Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen gurluşlarynyň hünärmenleriniň arasynda deslapky maslahatlaşmalary geçirmegiň zerurdygy barada ylalaşdylar.


düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......