Film, sahna eseri, aýdym-saz bäsleşigi... Özbegistanda Magtymgulynyň şanyna nähili çäreler guralar

  • 20.02.2024 19:54
  • 10k+

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden bellemek barada karara gol çekdi.

Çäreleriň Maksatnamasynda şular göz öňünde tutulýar:

  • şahyryň “Saýlanan eserleriniň” we onuň ömri hem döredijiligi barada ylmy makalalar toplumynyň neşir edilmegi;
  • Türkmenistanyň kinematografçylary bilen bilelikde Magtymguly Pyragy barada çeper filmiň döredilmegi;
  • şahyryň ömri we döredijiligi barada sahna eseriniň goýulmagy;
  • “Magtymgulynyň goşgusyna esaslanan aýdymlary iň gowy ýerine ýetiriji” respublikan ýaşlar bäsleşiginiň geçirilmegi;
  • özbek we türkmen halklarynyň dostlugyny we doganlygyny wasp edýän şekillendiriş sungat eserleriniň sergisi (Daşkentdäki Sungat akademiýasynyň Merkezi sergi zalynda);
  • “Magtymgulynyň döredijiliginiň özbek edebiýatynda we sungatynda tutýan orny” atly halkara ylmy maslahaty (Hywada);
  • meşhur şahyrlaryň, ýazyjylaryň we alymlaryň gatnaşmagynda bilim edaralarynda, harby bölümlerde, zähmet toparlarynda duşuşyklaryň, edebiýat agşamlarynyň guralmagy;
  • Özbegistanyň Alyşir Nowaýy adyndaky Döwlet akademiki Uly teatrynda Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna döredijilik agşamynyň geçirilmegi.

Özbegistanyň Baştutany “özbek halkynyň Magtymguly Pyraga we şonuň bilen Türkmenistanyň doganlyk halkyna, onuň baý taryhyna we medeniýetine, däplerine we dessurlaryna hormaty aýdyň görkezmek, şeýle-de şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp derejede bellemek maksatlary bilen” karara gol çekdi.
Milli HBS-e Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan çäreleri giňişleýin beýan etmek tabşyryldy. Guramaçylyk komitetine türkmen nusgawy şahyrynyň 300 ýyllygyny bellemek boýunça çäreleriň Maksatnamasyny iki hepdäniň içinde tassyklamak tabşyryldy.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......