Finlýandiýaly milliarder Tomas Zilliakus “Interiň” 100% paýnamasyny satyn almak barada resmi teklip hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Zilliakus Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubuny satyn almak isläpdi, ýöne paýnamalaryň bir bölegini jenap Jim Retkliff satyn aldy. Şonuň üçin milliarder Italiýa bazaryna geçip, 1,4 mlrd ýewro “Interi” satyn almak barada resmi teklip berdi. Zilliakusy sporta, moda we sanly media ýöriteleşen XIX Century Capital maýa goýum firmasy goldaýar.
Soňky aýlar “Interiň” geljegi köp sanly alyp satyşlaryň predmetine öwrüldi, sebäbi topara eýeçilik edýän “Suning” kompaniýasy 2024-nji ýylyň maý aýyna çenli Oaktree Capital tarapyndan berlen uly karzy üzmeli. Meseläni çözmegiň bolsa bu karzy gaýtadan maliýeleşdirmek we kluby satmak ýaly wariantlary bar. Habar berlişi ýaly, teklibiň resmi taýdan hödürlenendigi sebäpli, indi “Suning” ony kabul etmeli ýa-da ret etmeli.