Serdar Berdimuhamedow: Ýanwar aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüş gazanyldy

  • 16.02.2024 21:42
  • 25k+

Türkmenistanda ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüş gazanyldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň jemlerine bagyşlap geçiren Hökümet mejlisinde belledi.

Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 
2 milliard 545 million manat boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 24,6 göterim köpdür. Munuň özi önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döredýär diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.  
Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem-de sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutany nygtady. 
Pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler we öňümizde durýan wezipeler köp diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 
Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň bellenip geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutany Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýändiklerini belledi  hem-de ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ähli işgärlerini hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. 


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......