ABŞ-da "akylly" gulakhalkalar oýlanyp tapyldy

  • 16.02.2024 12:04
  • 11k+

Waşington uniwersitetiniň (WU) alymlary saglyk görkezijilerini ýygnamak üçin döredilen, dakynyp bolýan tehnologiýanyň täze görnüşli konsepsiýasyny döretdiler. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň web sahypasynda habar berilýär.

Hünärmenler gulaga berkidilýän we dürli maglumatlary ýygnamaga ukyply "akylly" gulakhalkalary taýýarladylar. Ilkinji nobatda, enjam ulanyjynyň we daşky gurşawyň temperaturasyny ýazga alar. Alnan maglumatlar stressi, keselleri, fiziki işjeňligi, iýmitleniş endiklerini ýa-da aýallaryň saglyk tendensiýalaryny yzarlamak üçin peýdaly bolar.
Taslamanyň awtory, aspirant Sýuýue Sýueniň bellemegine görä, WU-nyň alymlary tarapyndan oýlanyp tapylan gulakhalkalar saglyk barada maglumatlary bilege dakylýan "akylly" sagatlardan we fitnes trekerlerinden has takyk ýygnaýar. Bu artykmaçlyk alty meýletinçiniň gatnaşan barlagynda tassyklanyldy.
Materialda "akylly" gulakhalkalaryň bir zarýadda 28 güne çenli işläp biljekdigi aýdylýar, enjam Bluetooth arkaly smartfona maglumatlary geçirýär. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, olar geljekde awtonomlyk meselesini doly çözerler: enjam Gün energiýasy ýa-da kinetik energiýa bilen zarýad alar.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

08.06.2026 17:00
3.5k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

23.05.2026 23:52
2.9k+

GM elektrik awtoulary üçin batareýa öndürmäge niýetlenen 3,5 milliard dollarlyk zawodynyň gurluşygyny togtadar

General Motors kompaniýasy elektrik awtoulaglaryna bolan islegiň aşa köp bahalandyrylmagy sebäpli zyýan çekenden soň, ABŞ-da elektrik awtoulaglarynyň batareýalaryny öndürýän zawodyň gurluşygyny togtatmak......