Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde duşuşyklary geçirdi

  • 16.02.2024 11:32
  • 2.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary, ilçi Jon Pommerşaým bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we 2023-nji ýylyň jemi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän netijeli bolandygyny bellediler.
Duşuşykda söhbetdeşler taraplary gyzyklandyrýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmak üçin türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň işine oňyn baha berdiler. Diplomatlar 2024-nji ýylda meýilleşdirilýän syýasy geňeşmeleriň guramaçylyk taraplary barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň C5 + 1 sekretariaty boýunça utgaşdyryjysy hanym Keýtlin Setola bilen duşuşdy. Olar ABŞ-nyň Merkezi Aziýa sebiti bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistanyň bu formatdaky işjeňligine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler gatnaşyklary giňeltmek üçin täze çemeleşmeleri we pikirleri öwrenmäge mümkinçilik berýän howpsuzlyk, ykdysadyýet, energiýa we daşky gurşaw boýunça C5+1 dialogynyň iş toparlarynyň işiniň netijeliligini bellediler.


şu gün 18:54
813

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
617

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......