Türkmen diplomatlary Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

  • 14.02.2024 22:48
  • 9.9k+

12-nji fewralda Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň wekilleri  bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň ABŞ-daky ilIçisi M.Orazow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Amerika ýurtlary bölüminiň başlygy, ilçi Ç.Ataýew, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, şeýle hem Geňeşiň agzalary bolan “"John Deere", "Case New Holland", "Boeing", "Exxon Mobil", "General Electric", "Climate Compass", "Zeppelin", "UGT Renewable", "Caterpillar", "Oxbow" we "Honeywell"  amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem Geňeş tarapyndan şu ýyl teklip edilen bilelikdäki iş meýilnamasynyň guramaçylyk we amaly taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa etmegiň zerurlygy nygtaldy, bu babatda maýa goýum, maliýe we bank, oba hojalygy, nebit we gaz, ulag, logistika we tehnologiki ugurlara aýratyn üns berildi. Şu ýylyň dowamynda Amerikanyň işewür wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak barada pikir alyşdy.
E.Stýuart häzirki wagtda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň täze ýokary sepgitlere ýetendigini, geçen ýyl Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara borçnama goşulmagy amerikan işewürlik jemgyýetçiliginde örän oňyn seslenme döredendigini nygtap geçdi.
"Türkmenistan - ABŞ" işewürlik geňeşiniň iki ýurduň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýeti nygtaldy. Hususan-da E.Stýuart 2023-nji ýylyň dekabr aýynda özüniň ýolbaşçylyk etmeginde ABŞ-nyň kompaniýalarynyň ýokary wekilçilikli toparynyň Türkmenistana sapary, özüniň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilmegi hem-de işewürler forumynyň üstünlikli geçirilmegi dogrusynda gürrüň berdi.
Gepleşikleriň barşynda türkmen tarapy Türkmenistanyň hökümetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmeklige ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen birlikde amerikan kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna köp ýyllyk oňyn goşandy bellenildi.
Geňeşiň we Amerikan kompaniýalarynyň wekilleri yzygiderli netijeli dialogyň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary baradaky teklipleriň kanagatlanarlydygyny nygtadylar.


şu gün 18:54
813

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
617

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......