Walmart kompaniýasyna eýeçilik edýän Woltonlaryň maşgalasy ABŞ-nyň iň baý nesilşalygy boldy

  • 14.02.2024 10:56
  • 6.6k+

Wolton nesilşalygy “Forbes” žurnaly tarapyndan düzülen ABŞ-nyň iň baý maşgalalarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada neşiriň saýtyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Woltonlaryň maşgalasynyň baýlygy 267 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Soňky onýyllykda nesilşalygyň wekilleri Walmart-yň, takmynan, 22 mlrd dollarlyk paýnamasyny satdylar hem-de 11 mlrd dollar peşgeş berdiler. Muňa garamazdan, maşgala agzalarynyň ýedisi henizem ownuk söwda ägirdiniň paýnamalarynyň, takmynan, 45%-ine eýeçilik edýär. Maşgalanyň baýlygyna ýedi sport kluby hem (şol sanda Lon Angeles Rams we Arsenal) öz goşandyny goşýar.
Reýtingde ikinji orny 117 mlrd dollar baýlyk bilen Mars maşgalasy eýeledi. Nesilşalyk Wirjiniýa ştatynyň Maklin şäherinde ýerleşýän dünýädäki iň uly konditer kompaniýasy Mars-yň eýesidir. Kompaniýanyň M&Ms, Snickers, Ben’s Original we Pedigree ýaly birnäçe meşhur brendi bar. 2022-nji ýylda onuň girdejisi 47 mlrd dollar boldy.
Liderleriň üçlügini baýlygy 116 mlrd dollar bolan Koh nesilşalygy jemledi. Çarlz Koh 1967-nji ýylda kakasy Fred aradan çykandan soň, 125 mlrd dollar (2022-nji ýyldaky satuw boýunça) bilen bahalandyrylýan Koch Industries konglomeratyna ýolbaşçylyk etdi. Çarlz we onuň dogany Dewidiň dul aýaly Juliýa Koh esasy paýnamalaryň 42%-ine eýeçilik edýär.
Şeýle-de, neşiriň reýtingine Kargill-Makmillan ($60,6 mlrd), Jonson ($44,8 mlrd, Edward Jonson – Fidelity Investments esaslandyryjysy), Prisker ($41,6 mlrd), Jonson ($38,5 mlrd, Semýuel Jonson – S.C.Johnson esaslandyryjysy), Keti ($33,6 mlrd), Dunkan ($30 mlrd), Koks ($26,8 mlrd) nesilşalyklary we beýlekiler girdi.


düýn 20:28
4.7k+

Trillionam uzakda däl: Ilon Maskyň baýlygy 5 günde ýene 100 mlrd dollardan gowrak artyp, 750 mlrd-a golaýlady

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy taryhda 700 mlrd dollardan geçen ilkinji adam boldy. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, telekeçiniň umumy baýlygy iň ýokary derejesinde 749 mlrd dollara ýetdi...

16.12.2025 19:42
9.6k+

Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy...

09.12.2025 21:31
12k+

29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy

29 ýaşly braziliýaly telekeçi, Kalshi platformasyny esaslandyryjylaryň biri Luana Lopes Lara baýlygyny öz güýji bilen gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy. Bu barada Forbes USA habar berýär. Lopes Lara Kalshi platformasyny maliýeleşdirmegiň täze tapgyryndan soň milliarder statusyny aldy...

27.11.2025 23:20
6.4k+

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlügine girdi

Google kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Sergeý Brin 245 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, ol Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisondan öňe geçdi...