Google emeli aň pudagynda mugt bilim üçin onlarça million ýewro sarp eder

  • 14.02.2024 01:12
  • 2.6k+

Google tehnologiýa ägirdi Ýewropada we beýleki ýurtlarda emeli aň bilen işlemek başarnyklarynyň öwredilmegine 25 mln ýewro gönükdirmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada korporasiýanyň resmi blogyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

AI Opportunity Initiative başlangyjy sosial kärhanalara we täjirçilik däl guramalara hem-de öz ösüşi üçin emeli aňdan peýdalanýan kompaniýalara gönükdirilendir. Bu kärhanalaryň işgärleriniň goşmaça bilim almagyna görkezilen mukdardan 10 mln ýewro bölünip berler.
Google neýroulgamlaryň mümkinçiliklerini öwrenmegiň we ulanmagyň ykdysady deňsizlige we işsizlige garşy göreşe ýardam edýändigini belleýär.

“Täze maksatnama Ýewropadaky adamlara emeli aň pudagynda öz bilimlerini, başarnyklaryny we ynamyny artdyrmaga kömek etmek bilen, hiç kimiň yzda galmajakdygyny kepillendirýär” – diýip, Google-yň Jemgyýetçilik täsiri merkeziniň ýerine ýetiriji müdiri Adrian Braun belleýär.

AI Opportunity Initiative emeli aň boýunça mugt esasy okuwlaryň goldawynyň 18 dile çenli giňeldilmegini öz içine alýar. Okuwlar giriş emeli aň başarnyklary boýunça modullardan ybarat.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......