Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti hem-de energetika we insfrastruktura ministri bilen duşuşdy

  • 12.02.2024 14:47
  • 6.7k+

Şu gün, 11-nji fewralda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Abu-Dabide wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-Prezidenti, Premýer-ministriň orunbasary, Prezident Kazyýetiniň başlygy Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli we netijeli ösýändigini nygtap, taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň baştutanlarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde ýokary derejeli aragatnaşyklaryň hem möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi.
Şeýle-de şol gün R.Meredowyň BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen duşuşygy geçirildi. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesine ünsi çekip, taraplar, hususan-da, tebigy gaz, elektrik energiýasy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ulag we logistika hyzmatdaşlygy babatynda meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we öň gol çekilen resminamalaryň ýakyn döwür içinde durmuşa geçirilmegi babatynda işjeň pikirler alşyldy.
Şol bir wagtyň özünde, taraplar söwda we ykdysady ugurda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini bellediler we mundan beýläk hem giňeltmäge bolan isleglerini beýan etdiler.
BAE-de türkmen wekiliýetiniň sapary dowam edýär.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......