Myşsalaryň dikelmegine we güýçlenmegine kömek edýän  madda tapyldy

  • 12.02.2024 10:49
  • 16k+

Alymlar Marezin 1 atly bir maddanyň myşsa dokumasyna edýän täsirini öwrendiler we onuň täzelenmegine we güýçlenmegine kömek edýändigini anykladylar. Bu açyş myşsa şikeslerinden ýa-da atrofiýadan ejir çekýän adamlara kömek edip biler diýip, eLife žurnalynda çap edilen gözleglere salgylanýan Gazeta.Ru ýazdy.

Marezin 1 bedende çişmeleri kadalaşdyrmaga gatnaşýan lipid mediatordyr. Alymlar synag edilýän syçanlaryň emeli zeperlenen myşsasyna sanjym etdiler we çişme öýjükleriniň we fibrozyň sanyny azaldýandygyny gördüler (myşsa dokumalarynyň birleşip bilmeýän dokumalar bilen çalşylmagy).
Şeýle hem myşsanyň güýjüni ölçediler we köpelendigini gördüler.
Alymlar Marezin 1-iň myşsanyň agramynyň mese-mälim kemelmegi, ýaş bilen baglanyşykly atrofiýa ýa-da distrofiýa ýaly myşsa kesellerini täze usul bilen bejermek üçin esas bolup biljekdigine ynanýarlar. Şeýle hem, olar Marezin 1-iň genetika, daşky gurşaw ýa-da fiziki işjeňlik ýaly myşsalaryň ösüşine täsir edýän beýleki faktorlar bilen nähili täsirleşýändigini öwrenmegi meýilleşdirýärler.


20.06.2026 12:08
7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......