Finlýandiýa täze prezident saýlady

  • 12.02.2024 14:39
  • 8k+

Finlýandiýanyň öňki premýer-ministri, Milli koalisiýa partiýasyndan hödürlenen  dalaşgär Aleksandr Stubb Finlýandiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy diýip, ýurduň Adalat ministrliginiň maglumatlaryna salgylanýan Euronews ýazýar.

Sesleriň 100%-i sanalandan soň, Stubb 51,6% ses aldy.
Onuň bäsdeşi, öňki Daşary işler ministri we Mejlisiň agzasy Pekka Haawisto 48,4% ses aldy. Ses berişlige gatnaşanlaryň sany 67,6% boldy.
Saýlawyň soňky netijeleri Adalat ministrligi tarapyndan 14-nji fewralda tassyklanar. Ertesi gün ýurduň hökümeti umumy mejlisinde saýlawlaryň netijelerini yglan eder. Stubb prezidentiň wezipelerini ýerine ýetirmeklige mart aýynda girişer.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

11.06.2026 07:42
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......