Windows-dan “Poçta” we “Senenama” aýrylar

  • 12.02.2024 07:00
  • 3.6k+

Microsoft korporasiýasy Windows-dan meşhur “Poçta” we “Senenama” ofis programmalaryny aýrar. Bu barada TechRadar neşirine salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Media žurnalistleri Windows-a gurnalan “Poçta” we “Senenama” programmalarynyň soňky ýyl işleýändigini ýatladýarlar. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan korporasiýa bu programmalary goldamagy bes eder, olary Windows-dan we Microsoft-yň resmi dükanyndan aýrar.
Microsoft üýtgeşmeler barada ulanyjylara habar berip başlady. Programmalar açylanda ýylyň ahyryna çenli programmanyň elýeterli däl boljakdygy baradaky habar bilen banner peýda bolýar. Kompaniýada hyzmatlar Outlook bilen çalşylar – Windows ulanyjylaryna öz maglumatlaryny bu programma geçirmek teklip edildi.
Žurnalistleriň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň “Poçtany” we “Senenamany” ulanmagy dowam etdirmek bolar. Ýöne Microsoft programmalary täzelenmeler we howpsuzlyk programmalary bilen goldamaz, şeýle-de korporasiýanyň olary Windows-dan düýpgöter aýyrmajakdygyna-da kepillik ýok. 


17.03.2026 16:47
988

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

02.03.2026 11:03
1.6k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...

20.02.2026 12:27
904

Microsoft we Ericsson PK-larda hemişelik 5G birikmesi üçin tehnologiýalaryny birleşdirýärler

​Microsoft we Ericsson kompaniýalary emeli aň goldawy bolan Windows 11 operasion ulgamly kompýuterlerde 5G tehnologiýalaryny has çuňňur integrasiýa etmek boýunça bilelikde işleýändiklerini yglan etdiler. Täze başlangyç korporatiw noutbuklarda mobil ulgamlary ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...