Fransiýaly adam otluçöpden Eýfel diňini gurmak üçin 8 ýyl çeken zähmetinden soň rekord goýdy

  • 12.02.2024 06:40
  • 15k+

Fransiýadan Rişar Plo otluçöpden Eýfel diňiniň dünýäde iň uly modelini döretdi. Ol bu taslama 2016-njy ýylda başlady we oňa tas sekiz ýyl, 706 900 otluçöp we 6 müň ýewro sarp etdi. Bu barada NPR habar berýär.

Ilkibaşda Ginnesiň rekordlar kitaby onuň bu üstünligini ykrar etmekden ýüz öwürdi. Sebäbi heýkelde ulanylan otluçöpler söwda taýdan elýeterli däldi. Plo olary gönüden-göni öndürijiden başsyz satyn alandygyny, sebäbi olary kükürtden arassalamak üçin wagt sarp etmek islemändigini aýtdy.
Onuň bu işiniň şowsuz bolandygy baradaky habar KHBS-de giňden ýaýrandan soň, Rekordlar kitabynyň wekilleri düzgünlere gaýtadan seretmek we rekordy fransiýaly höwesjeňe bermek kararyna geldiler.
Rişar diňiň özüçe wersiýasyny 2016-njy ýylda, internetde liwanly Toufik Daher tarapyndan otluçöpden gurlan Eýfel diňiniň suratyny göreninden soň gurmaga başlady. Daheriň modeliniň beýikligi 6,5 metr bolup, 600 000 otluçöpden ybaratdy.
Rişar Plo onuň rekordyny täzelemek üçin, beýikligi 7,2 metr bolan modeli gurdy. Ol bu işde ýelim, gaýçy hem-de asyl diňiň proporsiýasyny we jikme-jikliklerini takyk ýerine ýetirmek üçin çyzgyç we kalkulýator ulandy. Şeýle-de, ol Eýfel diňiniň manysyna we ähmiýetine has gowy düşünmek üçin, onuň taryhyny we binagärligini öwrendi.


düýn 20:16
3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 11:50
7.4k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......