Şäherleriňem häsiýeti bar. Alymlar psihologiki howanyň şahsyýete nähili täsir edýändigini öwrendiler

  • 12.02.2024 06:35
  • 5.3k+

Florida Atlantik Uniwersitetiniň (Florida Atlantic University) psihologlar topary dürli şäherleriň ýaşaýjylarynyň şahsyýet tapawudynyň hakyky psihologiki landşafty we munuň olaryň hal-ýagdaýyna nähili täsir edýändigini açyp görkezýän gözleg geçirdi.

Hünärmenler adamlarda agdyklyk edýän häsiýetleriň görnüşlerini kesgitlemek üçin şahsyýet tipologiýasyny ulandylar we adamzadyň bäş esasy häsiýetine baha berýän synag taýýarladylar: tejribä açyklyk, wyždanlylyk, ekstrawersiýa, mähribanlyk we neýrotizm.
Current Research in Ecological and Social Psychology žurnalynda çap edilen gözlegiň netijelerine görä, ABŞ-nyň her sebitinde bir hili häsiýetiň agdyklyk edýändigi kesgitlendi. Mysal üçin, Manhettende göwnaçyk adamlar, Detroýtda bolsa ynsaply adamlar has köp.
Mundan başga-da, häsiýeti jemgyýetindäki köplük bilen gabat gelýän adamlaryň, köpçülikde özlerini “oňaýsyz” duýýanlara garanda, has bagtly, sagdyn we üstünlikli bolýandyklary ýüze çykdy.
Synag şahsyýetleriň we jemgyýetleriň biri-birini emele getirýändigini, özüňiz pisint adamlaryň gülläp ösýän jemgyýetinde siziň has bagtly we üstünlikli bolup biljekdigiňizi görkezýär. Şeýle-de bolsa, ylmy barlagçylar umumy netije çykarmakdan ägä bolmaga çagyrýarlar. Käbir sebitler başga hili bolup biler we gözleg jemgyýetçiligiň birmeňzeşdigini aňlatmaýar.


düýn 23:56
5.1k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 12:00
3.9k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......