Saturnyň aýlarynyň birinde suwuk suw tapyldy. 10 km çuňlukda umman bolmagy ähtimal

  • 11.02.2024 18:35
  • 11k+

Bir wagtlar “Ýyldyz söweşleri” film epopeýasynda “Ölüm ýyldyzynyň” prototipi bolup hyzmat eden Saturnyň hemrasy Mimasda alymlar suwuk suwuň buzasty ummanyny tapdylar diýip, Reuters habar berýär.

Pariž obserwatoriýasyndan doktor Waleri Leneniň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary NASA-nyň “Kassini” kosmos gämisinden alnan maglumatlary öwrendi. Olar Mimasyň günorta böleginde dykyzlygyň ýokarlanýan zolagynyň bardygyny anykladylar, muny diňe 20-30 kilometr galyňlykdaky buz gatlagynyň aşagynda ummanyň bar bolmagy bilen düşündirip bolar. Ummanyň çuňlugy, takmynan, 10 kilometr.
Alymlaryň pikirine görä, Mimasdaky umman degişlilikde golaýda - 25 million ýyl ozal, belki-de, bary-ýogy 5-15 million ýyl ozal emele gelen bolmaly. Bu hemranyň içinde buzy suwa öwren güýçli ýylylyk çeşmesiniň bardygyny görkezýär. Mümkin bolan ýylylygyň çeşmesi Mimasyň içinde güýjeýän deformasiýa we sürtülmä sebäp bolýan, Saturn bilen agyrlyk güýjüniň täsirleşmesi bolup biler.
Saturnyň hemrasy Mimas üstündäki ullakan krater sebäpli “Ýyldyz söweşleri” filmindaki “Ölüm ýyldyzyna” meňzeýär.
Ozal Mimasda durmuşyň alamatlarynyň bolup bilmejekdigine ynanýardylar, ýöne iň soňky açyş, Gün ulgamymyzyň başga bir ýerinde ýaşaýşyň bolup biljekdigini görkezýän bu çaklamalary düýpgöter täzeden gözden geçirmäge mejbur edýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....