Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden birnäçe düzümler bölünip aýryldy

  • 10.02.2024 01:29
  • 24k+

Anna güni giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak barada karara gelendigini aýtdy. 

Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm ädim bolar diýip, Prezident aýtdy. 
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak bilen bagly resminama gol çekdi. 
Serdar Berdimuhamedow üýtgedip guralan ministrligiň we täze döredilen pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek baradaky meselä geçip, başga işe geçmegi sebäpli N.Nazarmyradowy oba hojalyk ministri wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutany bu wezipä Çaryýar Çetiýewi belläp, ony oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Mülkaman Öwezliýew bellenilip, ol oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Begmyrat Ataýew bellenilip, ol oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Goçmyrat Ataýew bellenilip, ol oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
«Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy wezipesine Dörtguly Süleýmanow, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine Nurmuhammet Berdiniýazow bellenildi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......