Türkmenistanda oba hojalyk ministri çalyşdy

  • 10.02.2024 01:20
  • 18k+

Başga işe geçmegi sebäpli N.Nazarmyradow oba hojalyk ministri  wezipesinden boşadyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu wezipä Çaryýar Çetiýewi belläp, ony oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti 9-njy fewralda giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi.
Ç.Çetiýew 2012-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň düzüminde dürli wezipelerde işledi. 2022-nji ýylyň sentýabrynda oba hojalyk ministriniň ýer işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......