Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we binagärlik ministrini täzeledi

  • 10.02.2024 00:49
  • 21k+

Guwanç Orunow başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Abdulla Geldiýew bellenildi. Ondan öň ol gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi. Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Abdulla Geldiýew Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener-gurluşykçy diplomy bilen tamamlady. 2013-nji ýyldan gurluşyk işleriniň ussasy bolup işe başlady, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň düzüminde dürli wezipelerde işledi. 2020-nji ýylda ministriň orunbasary wezipesine bellenildi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......